02.03
2015
Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand-Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda bilermenleriň “Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň meseleleri: Bitarap Türkmenistanyň garaýşy” atly sebitleýin maslahaty açyldy.
01.03
2015
Iki ýurduň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklar we şertnamalar ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa bolan iş saparynyň anyk netijelerine öwrüldi. Malaýziýanyň syýahatçylyk işewürlik merkezinde guralan işewür maslahatdan başlanan köp sanly duşuşyklar, gepleşikler we geňeşmeler şeýle netijäniň gazanylmagyna getirdi.
27.02
2015
Ženewa, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Ženewa şäherindäki (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Milletler Köşgüniň Türkmen zalynda şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi.
26.02
2015
Türkiýe Respublikasynyň “Turcomoney” halkara maliýe-ykdysady žurnalynyň nobatdaky sany “Türkmenistan –Orta Aziýanyň nurana ýyldyzy” atly umumy sözbaşy bilen açylýar.
18.02
2015
Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň diplomatik işgärelriniň gününiň esaslandyrylmagynyň 6 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir” atly halkara maslahat boldy.
18.02
2015
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji fewralda Aşgabatda bina edilýän we sebitde iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Milli Liderimiz sport düzüminiň desgalarynyň taslamalary bilen tanşyp, ol ýerde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
16.02
2015
Mälim bolşy ýaly, 12-nji fewralda Türkmenistan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur bilen göni howa gatnaşygyny ýola goýdy.
15.02
2015
Ozal habar berlişi ýaly, geçen hepdede “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy täze howa gatnawlarynyň ikisini açdy – indi ýolagçylar Aşgabat bilen Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Riga (Latwiýa) şäherleriniň arasynda ýola goýlan howa gatnawlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.
14.02
2015
Balkanabat, 14-nji fewral (TDH). Şu gün ählihalk baýramy bolan Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň merkezinde täze demir ýol menziliniň açylyş dabarasy boldy.
12.02
2015
Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Däbe öwrülen bu sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridiýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde guradylar.