Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen paýtagtynda administratiw hukuk boýunça halkara maslahaty geçirildi
Jemgyýet
Türkmen paýtagtynda administratiw hukuk boýunça halkara maslahaty geçirildi
Çap edildi 09.11.2019
1477

7-nji Adalat ministrliginde Türkmenistan Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuk döwlet gurluşyna ýardam etmek» Sebit maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda guran «Adminstratiw önümçilige we adminstratiw iş ýöredişe gatnaşyjylar» atly administratiw hukugy boýunça X Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň hukukçylaryny, Germaniýadan halkara bilermenlerini, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Kazyýetiniň administratiw meseleler boýunça geňeşçisini, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň Federal administratiw kazyýetiniň kazylaryny birleşdiren iki günlük forumda bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwlet bilen raýatlaryň özara hereketiniň meselelerine garaldy. Forumyň işine alymlar, hukukçylar, halkara bilermenleri, milli parlamentiň deputatlary, Daşary işler ministrliginiň, kazyýet edaralarynyň, prokuraturanyň, polisiýanyň we gümrük gullugynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, tejribe geçýän talyplary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, jemgyýetçilik gurmalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge we ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen we 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren Türkmenistanyň «Administratiw önümçilik hakynda» Kanuny raýatlaryň döwlet edaralary bilen özara hereketini döwrebap guramakda möhüm ädim boldy, ol kanunlaryň agalygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanunlaryň kabul edimegi administratiw işler ýörelgelerini kemala getirmäge, kanunlaryň agalygyny, şahsy we hukuk taraplaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Maslahatyň dowamynda raýatlara döwlet hyzmatlaryny guramagyň öňde baryjy tejribesi barada pikir alşyldy. Türkmenistanda administratiw önümçilik barada kanunlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň netijeleri foruma gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Maslahatda beýan edilen netijeler hukuk ulgamyny we türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny ösdürmäge oňyn itergi bermäge niýetlenendir.

Soňky habarlar
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
14.02
N.M.Atagaraýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
14.02
D.G.Meredow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow