Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara güni — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp halkara sene mynasybetli geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan uly zähmet ýeňşiňiz — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamaňyzy ýerine ýetirip, Garaşsyz Watanymyzyň pile harmanyna 2 müň 300 tonnadan hem gowrak pile tabşyrmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna ygtybarly we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan-da, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi. Şeýle hem pudagara toparyň düzümi we bu topar hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.