Arkadag şäheri möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görýär. Ol 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriler.
2-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen mejlisinde möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara ýurdumyzyň galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylary galla oragyna girişdiler. 9-njy iýundan bolsa bu asylly işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem girişerler.
Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Däp bolşy ýaly, bu ýerde her ýyl guralýan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çagalar toparlarynyň şowhunly aýdymlary, tanslary, şadyýan sahna oýunlary körpeler üçin döredijilik sowgady boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanda saparda bolýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ikinji güni giň möçberli çärelere we netijeli duşuşyklara baý boldy. Aýratyn-da, Ýerewanyň O.Şarambeýan adyndaky amaly-haşam muzeýinde türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna hem-de senetkärçiligine bagyşlanan serginiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy.