Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
19.06 2026

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

18.06 2026

Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen ýurdumyza geldi.

17.06 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.

17.06 2026

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.

17.06 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

15.06 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

15.06 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

15.06 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

14.06 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa şanly 80 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

13.06 2026

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasyny, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz hem-de ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolup, zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini pugta berjaý etmek, milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny hem-de döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunyň hökmürowanlygyny dabaralandyrmak siziň mukaddes borjuňyzdyr. Berkarar Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhedimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde gadamyňyzyň batly, buýsançly başyňyzyň belent bolmagyny, jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

840 sahypa
Soňky habarlar
12.10
Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY