Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary dolanyp geldiler
Jemgyýet
Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary dolanyp geldiler
Çap edildi 25.08.2019
1668

Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, ähli musulmanlaryň nurana baýramynyň öň ýanynda ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 160-sy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar we mukaddes Käbä sežde etmäge dünýäniň ähli künjeklerinden bu ýere gelen zyýaratçylaryň millionlarçasynyň hataryna goşuldylar. Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, şäheriň belli metjitlerine we beýleki mukaddes ýerlerine zyýarat etdiler. Olar Mekgede musulmanlaryň Zem-zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly, esasy mukaddes ýerlerinde haj parzlaryny berjaý etdiler. Olar togap däp-dessuryna eýerip, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanmak dessuryna gatnaşdylar. Türkmen zyýaratçylary haj döwründe sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň rowaçlygyny dilediler. Mähriban ýurdumyza sag-aman gaýdyp gelen ildeşlerimiz haj parzyny berjaý edenlerinde, Beýik Biribardan milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat, Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan ähli sahawatly başlangyçlarynda üstünlikler diländiklerini tolgunma bilen belläp, döwlet Baştutanymyza özlerine beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Zyýaratçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kabul eden Ýüzlenmesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüji ýolbaşçylygy esasynda bagtyýar halkymyzyň ahlak arassalygyny ykrar edýän, jemgyýetiň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmaga, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam berýän milli däp-dessurlarymyzy we adatlarymyzy mynasyp dowam etdirip bilýändikleri üçin, döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny nygtadylar. Goý, ildeşlerimiziň mukaddes Käbä haj zyýaratyna gidip, ol ýerde eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow