Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Jemgyýet
Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Çap edildi 23.09.2019
2981

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamasyny bu guramanyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hanym Paulina Karwowska gowşurdy. Dabaraly çärä lukmançylyk edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ösüşiniň derejesi islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýşynyň hiliniň, döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň esasy görkezijileriniň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň bu ulgamdaky umumymilli uzak möhletli taslamasydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda syýasatyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň gözbaşynda durýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilen ýyllarynda toplumlaýyn çäreleriň köp sanlysy amala aşyryldy. Saglygy goraýşyň keselleriň öňüni almak boýunça işleri güýçlendirmäge ugur almagyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek we höweslendirmek üçin şertleriň döredilmegini, «Sagdynlyk aň-biliminiň» kämilleşdirilmegini hem-de zyýanly endiklere garşy göreşilmegini, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda ösdürilmegini bu çäreleriň hatarynda bellemek möhümdir. Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar bu ugurda türkmen lukmanlarynyň tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti ýurtlarynda ulanylmagy üçin maslahat berilmegi ilatyň saglygyny goramak boýunça meseleleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň jedelsiz ykrar edilmesidir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanda dümewe garşy öňüni alyş çärelerini geçirmek we wirusy seljermek, halkara ölçeglerine laýyklykda, onuň ýaýramagyna gözegçilik etmek boýunça yzygiderli işler ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmek boýunça durmuş-ykdysady we lukmançylyk çärelerinden iň ýokary netijeleri almaga gönükdirilen döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak bilen saglygy goraýyş meselelerine giňden çemeleşmegi tejribä girizdi. Öňüni alyş lukmançylygy, ýagny dürli keselleriň ösüşini öňünden duýdurmagy ilata düşündirmek hem-de usulyýeti saglygy goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň düzümine girýän Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegi dümewe garşy barlaghana gözegçiligine we ýurdumyzda öňüni alyş çäreleriniň hem-de gözegçiligiň geçirilmegine jogapkärli çemeleşmegiň subutnamasydyr. BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň baştutany Paulina Karwowska Türkmenistanyň dümewe garşy arassaçylyk gözegçiligi boýunça BSGG-niň Ählumumy ulgamynyň ýörelgelerine we jogap çäreleriniň kabul edilmegine ygrarlydygyny belledi. Hususan-da, Türkmenistan 2011-nji ýylda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda kabul edilen pandemiki dümewe taýýarlygy üpjün etmegiň guralyny üstünlikli durmuşa geçirýär.Ýokanç kesellere gözegçilik etmek we dümewi barlaghanalarda derňew etmek ulgamynda ýokary netijeler gazanyldy. Şeýle hem ol BSGG-niň we Türkmenistanyň halkyň saglygyny goramak ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltjekdigine hem-de dümew boýunça milli merkeziň özüne dereje berilmegi bilen baglanyşykly ähli borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanda ýokanç keselleriň azaldylmagyna we ählumumy immunizasiýanyň netijeli maksatnamasyna uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda sanjymlaryň milli senenamasyna täze waksinalaryň birnäçesi girizildi. Mälim bolşy ýaly, eýýäm belli bolan kiçi düzümleriň täze ştammlary yzygiderli ýagdaýda ýüze çykýar, şunuň bilen baglylykda, degişli düzümleriň derejesinde halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi öňüni alyş çäreleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynda döwrüň talaby bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şulardan ugur alyp, ýokanç kesellere gözegçilik we seljerme ulgamynda, ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlarynyň arasynda gatnaşyklary giňden ýola goýmak arkaly barlaghanalaryň, lukmançylyk ylmynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow