Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin Watan sylaglary
Jemgyýet
Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin Watan sylaglary
Çap edildi 25.09.2019
1565

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, watandaşlarymyzyň köp sanlysy köpýyllyk ak ýürekli hem-de halal zähmetleri üçin ýörite sylaglara we degişli derejelere mynasyp boldular. Bu dabaralar ýurdumyzda öz tejribesini, bilimini we başarnygyny mähriban Watanymyza halal hyzmat etmek ýaly asylly işe bagyş eden, öz hünäriniň ussatlarynyň we tapawutlanan işgärleriň aýratyn hormat eýesi bolýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Maksadaokgunly, köptaraply, öz borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän we Watanymyzyň bähbidine tagallasyny gaýgyrmaýan adamlar ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ählumumy agzybirlik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabaralara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, bagt, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri we döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler. Döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul eden adamlar işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň her bir ýyly şanly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalary we senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdürmek babatda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan häzirki zaman önümçilik kärhanalary, ulag-aragatnaşyk düzümine degişli desgalar yzygiderli gurulýar. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär. Welaýatlaryň has çetki künjeklerinde ýerleşen ilatly ýerleriň durmuş derejesi özgerdilýär, şäherlerde we obalarda halkara standartlaryna laýyk gelýän düzümler döredilýär. Dabaralarda Halk Maslahatynyň Aşgabatda geçirilen ikinji mejlisinde kabul edilen täze wajyp çözgütleriň döwletimiziň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigi aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň berkidilmegine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
14.02
N.M.Atagaraýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
14.02
D.G.Meredow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow