Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watan goragçylaryna harby we ýörite atlar dakyldy
Jemgyýet
Watan goragçylaryna harby we ýörite atlar dakyldy
Çap edildi 23.01.2020
1875

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabaralary boldy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejesi berildi. Habar berlişi ýaly, milli Liderimiz mejlisde çykyş edip, esgerleriň we serkerdeleriň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdigine, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini berkitmekde ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna berk ynam bildirdi. Dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary hakynda edýän aladasy, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, netijeli işlemekleri, ak ýürekli gulluk etmekleri we amatly dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça edýän toplumlaýyn işleri hem-de olaryň işine berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza mundan beýläk-de öz mukaddes borçlaryny wepaly ýerine ýetirjekdiklerine, Watanymyzyň beýik garaşsyzlygynyň gazananlaryny gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow