Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty
Jemgyýet
Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty
Çap edildi 01.04.2020
1826

Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Bu iş topary geçen ýylyň güýzünde geçirilen Halk Maslahatynyň çözgüdine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döredildi. Onuň düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň tejribeli hünärmenleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Ylymlar akademiýasynyň bilermenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri girýär. Maslahatyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy çap edilenden soň, ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, kärhanalaryň we edaralaryň toparlaryndan, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryndan we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowşan tekliplere we belliklere seljerme berildi. Şunda halkara hukugyň kadalaryna hem-de Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek babatda oňyn halkara tejribä aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň iki palataly kanun çykaryjy edarasynyň dörediljekdigi bilen baglylykda, häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanuna, «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Kanuna, Saýlaw kodeksine hem-de beýleki birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň wekilleriniň ýerlerde ilata «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalaryň mazmunyny düşündirmek, şeýle hem gelip gowuşýan teklipleri ýygnamak, deslapky öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky habarlary diňlenildi. Bu ýere ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy ählihalk goldawyna we makullamasyna eýe boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler biziň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga, Türkmenistanda iri möçberli ykdysady özgertmeleriň hem-de durmuş ugurly maksatnamalaryň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Milli Parlamentiň hil taýdan täze görnüşe — iki palataly ulgama hem-de Halk Maslahatyna beriljek täze hukuk derejesine geçirilmegi häzirki döwrüň ýagdaýlary we türkmen jemgyýetiniň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan maksadalaýykdyr, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýygjam gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň güýçlendirilmegine ýardam eder. Maslahatyň barşynda Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň wezipeleri hem-de giň jemgyýetçiligiň arasynda wagyz ediş we düşündiriş işlerini geçirmek, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň gutarnykly taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow