Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň we Belarusyň Döwlet habarlar agentlikleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Jemgyýet
Türkmenistanyň we Belarusyň Döwlet habarlar agentlikleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Çap edildi 14.05.2020
1867

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentligi BelTA — iri döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de ösdürmekde, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy we maglumat gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary, işjeň täze görnüşleri hem-de žurnalistika babatda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri kesgitlendi. TDH-nyň we BelTA-nyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň meselelerini işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň türkmen-belarus gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde oňyn teklipler öňe sürüldi. Munuň özi öňi bilen maglumatlaryň resmi çeşmesi hasaplanylýan öňdebaryjy habarlar agentliklerine we žurnalistlere degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň mediaforumlar, maslahatlar, «tegelek stol» ýaly ugurlarynyň, şol sanda abraýly media bileleşiklerini çekmek arkaly uzak aralykdan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmakda tejribe alyşmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow