Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy
Jemgyýet
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy
Çap edildi 18.05.2020
1928

Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi, onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy. Milli parlamentiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurduň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri çagalaryňka myhmançylyga geldiler. Milli parlamentiň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy Ýazberdi Öwezberdiýew dagy Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli hakda hemmetaraplaýyn aladanyň, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň şahsy ukybyny açmagy üçin şertleriň döredilmeginiň türkmen Lideriniň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygy bellenildi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa atalyk aladasy üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabara çagalar döredijilik toparlarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.

Soňky habarlar
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
M.K.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Ö.A.GOŞJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.AMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow