Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýeňşiň esgerlerine bagyşlanýar...
Jemgyýet
Ýeňşiň esgerlerine bagyşlanýar...
Çap edildi 24.06.2020
2045

Şu gün — 24-nji iýunda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda, dabaralaryň geçirilýän pursadynda biz ýene-de parahatçylygy hem-de azatlygy goran ata-babalarymyzyň edermenligini ýatlaýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol dabaralara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu edermenligi näme bilen ölçäp bolar? Şu pursatlarda aldym-berdimli we gandöküşikli söweşlerde şirin janyny gurban eden millionlarça adamyň edermenligi, atasyz galan çagalaryň ykbaly, özleriniň ogullaryndan jyda düşen eneleriň gözýaşy ýadyňa düşýär. Hakykatda, bu edermenlik biziň hakydamyz bilen ölçenilýär. Ine, indi 75 ýyl bäri bu hakyda ýaş nesilleriň we frontçularyň nesliniň, esgerleriň we tylda zähmet çekenleriň arasynda özara arabaglanyşygyň binýady bolup hyzmat edýär. Ençeme ýyllar geçse-de, näçe hoşallyk sözleri aýdylsa-da, ýaşlar hemişe agyr söweşlerde Beýik Ýeňşi gazanan, eziz Watany, ýakynlary üçin şirin janyndan geçen gerçekleriň öňünde hemişe bergili bolup galýar. Hawa, biziň ýaşlarymyza ata-babalarymyzyň gaýduwsyzlygy we edermenligi görelde alarlykdyr. Ata Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran gerçeklerimiziň şan-şöhraty, gahrymançylygy halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen esgerleri meşhur Brest galasyny, Moskwany mertlerçe goramakda edermenlik görkezdiler, Kiýew, Smolensk, Leningrad, Stalingrad we beýleki şäherleriň eteginde bolan gazaply söweşlere gatnaşdylar. Beýik Watançylyk urşunyň ähli frontlarynda biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja, eziz Watanymyza wepalylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki döwürde türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasy bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir şäherinde şol söweşlerde wepat bolan türkmen esgerleriniň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlikler bar, ýöne döwlet Baştutanymyzyň işjeň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasaty ildeşlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenliginiň esasy mizemez ýadygärligi bolup durýar. Milli Liderimiziň BMG-niň we beýleki abraýly forumlaryň belent münberinden öňe sürýän möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlary hem parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şöhratly ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik däplerine esaslanýan bu syýasat anyk işlerde öz beýanyny tapyp, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar hem-de mähriban halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolup durýar. Şeýlelikde, mähriban topragymyzda abadan we parahat durmuş üçin minnetdar nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk ýylsaýyn has-da berkeýär. Bu arabaglanyşygyň dowam etmegi bilen, öz Watanyny, şäherini, obasyny, öýüni, maşgalasyny, ýakynlaryny goran gahrymanlarymyzyň şan-şöhraty ebedilik ýaşar. Sebäbi hakyda — bu geçmişden geljege barýan ýol... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgusy hem uruşdan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýadygärligine bagyşlanýar.

Soňky habarlar
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow