Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýokanç keseliň öňüni almakdaky umumy ýagdaý we Türkmenistanyň tejribesi baradaky brifing
Jemgyýet
Ýokanç keseliň öňüni almakdaky umumy ýagdaý we Türkmenistanyň tejribesi baradaky brifing
Çap edildi 28.07.2020
1681

Şu gün ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasy bilen bilelikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýiti ýokanç keseliň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça häzirki ýagdaýyň syny meselesi boýunça brifing geçirdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyk etmek hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle aralykdan geçirilýän forumlaryň tapgyryny açýan bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatnaşmagynda metbugatyň wekillerini COVID-19 koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň öňüni almak we onuň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly maglumatlary ilerletmegiň has netijeli usullary bilen tanyşdyrmak maksadynda bilen guraldy. Şeýle görnüşdäki birinji duşuşyk bilermenler jemgyýetçiliginiň we žurnalistleriň arasynda bu bilimleri giň jemgyýetçilige ýetirmek üçin ýokanç keselleriň öňüni almak baradaky maglumatlaryň işjeň alynmagyny ýola goýmaga ýardam etmelidir. Ýeri gelende aýtsak, brifingi şu gün geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi tötänden däldir: 28-nji iýul wirus gepatitine garşy göreşmegiň Bütindünýä günüdir. Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurt neşirleriniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasynyň ýolbaşçysy Polina Karwowska hem-de ÝUNISEF-iň wekili Kristin Weýgend žurnalistlere ýüzlenmesinde ýokanç keseliň köpçülikleýin ýaýramagynyň şertlerinde Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ornuny hem-de şu şertlerde ilata düşnükli dilde keseliň öňüni almak we saglygy goramak baradaky maglumatlary ýetirmäge ukyply köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ygtybarly ulgamyny döretmegiň wajypdygyny bellediler. Onlaýn duşuşygynyň barşynda BMG-niň edaralarynyň wekilleri tarapyndan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we onuň Ýewropa sebit býurosynyň hasabatlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi, Türkmenistanyň tejribesi seljerildi. Döwletimiz sebitde koronawirus ýokanjy bilen kesellemegiň haýsydyr bir ýagdaýlary barada tassyklanan maglumatlaryň ýüze çykarylmadyk ýeke-täk ýurtdur. Bu ýokanjyň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak meseleleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hataryna çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, milli derejede işleri utgaşdyrmak bu ulgamdaky möhüm ugur bolup durýar. BSGG-nyň wekilleri bu ýerde Türkmenistanyň oňyn tejribesini bellediler. Şol tejribe bolsa Aziada — 2017-ä taýýarlyk görülýän döwürde we onuň geçirilen günlerinde toplanypdy. Şonda ýurdumyzyň degişli düzümleriniň ählisiniň hem-de BMG-niň ilat bilen gatnaşyklary baradaky edaralarynyň özara gatnaşyklarynyň takyk guraly ýola goýuldy. Häzirki wagtda BSGG-niň hem-de ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ilaty maglumatlar bilen doly üpjün etmek maksadynda amala aşyrýan özara gatnaşyklary hem şu wezipäni çözmäge gönükdirilendir. Şeýle hyzmatdaşlyga eýýäm üstünlikli alnyp barylýar — bu gatnaşyklaryň netijesinde milli telewideniýede çagalar üçin wideoşekiller döredildi. Şolarda düşündiriş-oýun görnüşinde şahsy arassaçylygyň, sagdyn durmuş kadalarynyň wajyplygy, özüňi alyp barmagyň medeniýeti we beýlekiler barada gürrüň berilýär. Şeýle habarlar multifilmlerde hem görkeziler. Häzirki wagtda olar ýaýlyma taýýarlanylýar. Şu günki brifing bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidir. Şoňa görä-de, onuň gün tertibine howpsuzlygy üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goramak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kuwwatyndan has-da netijeleri peýdalanmak barada pikirleri, teklipleri, garaýyşlary alyşmak baradaky meseleler girizildi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Soňky habarlar
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow