Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap fransuz dilinde neşir edildi
Jemgyýet
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap fransuz dilinde neşir edildi
Çap edildi 23.12.2020
4963

Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fransuz dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Çärä gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, ylmy işgärler gatnaşdylar. Şeýle hem sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Fransiýanyň milli ylmy-barlag merkeziniň ylmy işgäri, türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň ýolbaşçysy, arheolog H.Bendezu-Sarmiýento hem-de “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy K.Burdeý gatnaşdylar. Çykyşlarda türkmen Lideriniň täze pelsepewi-edebi eseriniň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine uly üns berýän döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpýyllyk ylmy-barlag işiniň netijesidigi nygtaldy. Hususan-da, halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge ömrüni bagyşlan arheolog H.Bendezu-Sarmiýento taryhy maglumatlara esaslanan bu işiň baý mazmunyny belledi. Alymyň nygtaýşy ýaly, “Türkmenistan rowaçlygyň ýurdy bolup, bu ýerde myhmansöýerlik, sahylyk we dostluk – onuň uly baýlyklarynyň biridir”. Öz nobatynda, Kristian Burdeý “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň fransuz dilinde neşir edilmeginiň türkmen-fransuz gatnaşyklaryny ösdürmekde möhümdigini nygtady. Munuň özi onuň ýolbaşçylyk edýän “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk jemgyýetiniň baş maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň adamzadyň asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belleýär. 2020-nji ýylda Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu baýramçylyk halkymyzyň Oguz hanyň döwründen alyp gaýdan parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan waka hökmünde taryha ýazylar. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň fransuz dilinde neşir edilmegi dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetarapalýyn pugtalandyrmak işine hyzmat eder. Bu waka netijeli halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, şol sanda ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda çuňlaşdyrmaga ýardam eder.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow