Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze “Bagabat” şypahanasy gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary ýola goýýar
Jemgyýet
Täze “Bagabat” şypahanasy gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary ýola goýýar
Çap edildi 01.01.2021
5084

Şu gün, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna bardylar. Şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda bu ulgama aýratyn orun degişlidir. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň sebitlerinde döwrebap saglyk düzümini kemala getirmek işi dowam edýär. Her ýyl täze lukmançylyk hem-de şypahana-dynç alyş ugurly desgalar –sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem-de dynç alyş öýleri ulanylmaga berilýär. Şolar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary babatda dünýädäki şeýle desgalardan birjik-de pes durmaýar. Ajaýyp künjekde guralan “Bagabat” şypahanasy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan geçirilen barlaglar arassa dag howasynyň, gezelençleriň adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňat täsir edýändigini tassyklady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň binýadynda Diýarymyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan “Türkmenistan –melhemler mekany” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Baý durmuş tejribesi bolan parasatly aksakgal ýaşulularyň aýdyşy ýaly, ynsany tebigatyň özi bejerýär, munuň üçin oňa diňe mümkinçilik bermedir, onuň bilen sazlaşykda ýaşamalydyr, tebigatyň tenekar güýjüni bedeniňde duýmalydyr. Hünär bilimlerine we başarnyklara eýe bolan lukman bolsa bu ýagdaýda ünsli araçy hem-de duýgudaş kömekçi bolup biler”. Türkmenistanyň şypahanalary tebigy, şypahana we ykdysady kuwwatyň sazlaşygydyr. Şol ýerleriň ajaýyp tebigaty, arassa howasy adamyň saglygyny dikeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Daşky gurşawa aýawly garamak, ony goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Adamlaryň saglygynyň girewi hökmünde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna uly ähmiýet berilýär. Munuň özi geljek ösüş we rowaçlyk üçin amatly şertleri döredýär. Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, paýtagtymyzyň eteginde giň tokaý zolaklary döredildi. Parasatly ata-babalarymyzdan bize dermanlyk ösümlikleri netijeli ulanmagyň dürli usullary miras galdy. Häzirki zaman lukmançylyk ylmy olaryň gymmatly häsiýetlerini tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem, netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini-de öwrenýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işinde saglygy saklamak hem-de uzak ýaşamak üçin köp peýdaly zatlary tapmak bolýar. Bu kitapda mähriban ülkämiziň ösümlik dünýäsiniň melhemlik aýratynlyklary açylyp görkezilýär. Buýan köküemň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onki barmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýändigini mysal getirmek bolar. Halk lukmançylygynyň tejribesi esasynda hem-de häzirki zaman talaplaryny nazara almak bilen, bu dermanlyk ösümlikden bejeriş-öňüni alyş serişdeleri öndürilipp başlandy. II arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümliginiň ülkämizde 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär. Onuň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändigi hem anyklanyldy. Öňler buýany süýji hökmünde çaýa hem goşardylar. Türkmen buýany özüniň gymmatly häsiýetleri bilen dünýäniň köp künjeklerinde ösýän beýleki görnüşlerinden has tapawutlanýar. Çünki, biziň howamyz bu ösümliklerde köpsanly peýdaly maddalaryň toplanmagy üçin ajaýyp şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklanan howanyň üýtgetemgi boýunça Milli strategiýasynyň hem-de durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde hem tebigaty goramak, biologik köpdürlüligi saklamak ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. “Bagabat” şypahanasynda ilata ýylyň dowamynda hyzmat etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Bu ýerde anyklaýyş hem-de bejeriş bölümleri, şol sanda banneoterapiýa, suw we palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa hem-de SPA bölümleri hereket edýär, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar. Otaglar häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň soňky işläp taýýarlamalary bilen doly üpjün edildi. Fitobarda çaýyň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Şolary taýýarlamagyň usullary milli Liderimiziň “Çaý-- melhem hem ylham” kitabyndan alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde fitoterapiýa uly ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Bu usul gadymdan bäri ata-babalarymyz tarapyndan saglygy dikeltmek, güýç toplamak üçin ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şypahana ulgamyny innowasion ýoly bilen ösdürmek meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmesi gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň şypahana binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we şunuň netijesinde, keselleriň öňüni almak hem-de ilatyň saglygyny berkitmek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bejerişi guramak hem-de ilatyň saglygyny pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan türkmen şypahanalary bu gün dünýä derejesine çykýar, şol sanda lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň melhemlik serişdeleriniň eksport gymmatlygyny artdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gerimli şypahana merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwaty we mümkinçiligi barada aýdyp, türkmen topragynda entek açylmaly hem-de ylmy barlaglaryň geçirilmegi zerur bolan melhemlik ýerleriň hem az däldigini belleýär. Bu baýlyklaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna goýlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýdýar. Mejlisiň ýolbaşçylarynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň şu gezek “Bagabat” şypahanasyna baryp görmegi adamlaryň boş wagtlarynda tebigata çykmaga çalyşýandyklaryna, tokaý zolaklaryna gezelenç edýändigine şaýatlyk edýär. Çünki, adamyň durmuşy mähriban tebigatymyzyň gözelligi bilen berk baglanyşyklydyr.

Soňky habarlar
12.11
Paýtagtymyzda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
top-arrow