Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze Ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan maslahat
Jemgyýet
Täze Ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan maslahat
Çap edildi 04.01.2021
7428

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp, öňe sürüldi. Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar. Çykyş edenler 2021-nji ýylyň halkyň erk-isleginiň nyşanyna öwrülen şygarynyň Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, iri möçberli ykdysady özgertmelere hem-de durmuş taýdan öňegidişliklere itergi bermäge, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendigini nygtadylar. Çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek. «2021-nji ýyl, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahata gatnaşyjylar yglan edilen bäsleşigiň netijesinde saýlanyp alnan nyşanyň ýurdumyzda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ähli dabaraly çärelerde giňden ulanyljakdygyny bellediler. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda bitirýän ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly sepgitler we beýik işler bilen şöhratlandyryljakdygyny nygtadylar. Toý ýylynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de berkitmek, ylym, bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň möçberli çäreler kesgitlenildi. Maslahata gatnaşyjylar şolaryň türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belläp, kesgitlenilen beýik işleri durmuşa geçirmäge, hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny, mähriban Diýarymyzyň ýeten sepgitlerini wagyz etmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow