Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Jemgyýet
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Çap edildi 17.02.2021
7448

Şu gün “Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. 

Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär.

Medeniýet öýünde geçirilen dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň örän möhümdigini belledi. 

“Halal zähmetimiz bilen eziz Diýarymyzy gülläp ösýän, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýan gözel mekanyna öwrürmelidir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokaprlandyryp, dünýädäki ornuny has-da berkitmelidiris” diýlip, milli Liderimiziň gutlagynda aýdylýar. 

Dabaranyň dowamynda etrabyň ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladasy, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli görnüşli senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Watanymyzyň ähli künjeklerine täze durmuş ymykly aralaşýar. Olar gün-günden gözel keşbe eýe bolýar. S.A.Nyýazow adyndaky etrap hem munuň aýdyň subutnamasydyr, ol demirgazyk welaýatyň iri obasenagat merkezleriniň biridir. Geçen ýyl bu ýerde pagtanyň 41,5 müň tonnadan gowragy, bugdaýyň 32 müň tonna golaýy öndürilip, ýeralmasynyň we beýleki ekinleriň bereketli hasyllary ýygnaldy. 

Şu ýyl gowaça ekmek üçin 21 müň gektar ýer, güýzlük bugdaý üçin 16 müň gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hem beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Etrabyň daýhançylyk ussatlygyna eýe bolan zähmetkeşleri her ýyl gök-miwe önümlerini taýýarlap, bagbançylygy we maldarçylygy ösdürýärler. Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti bolsa üstünlikli işleri bilen welaýatyň çäklerinden alyslarda hem tanalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumyny ösdürmegiň meselelerini çözmek işi oba ilatynyň oňat ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly wezipeler bilen gös-göni baglydyr. 

Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, etrapda döwrebap umumybilim berýän mekdepler hem-de çagalar baglary, stadionlar we sport mekdepleri, medeniýet öýleri, saglygy goraýyş edaralary açylyp, awtomobil ýollarynyň, elektrik hem-de suw geçiriji ulgamlaryň ençeme kilometri çekildi we durky täzelenildi. Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde ösen düzümli, durmuş amatlylyk derejesi boýunça şäheriň şertlerine ýakyn bolan “Bagtyýar zaman” atly täze oba guruldy.

Etrabyň ykdysadyýetinde hususy düzümleri uly orun eýeleýär. Onuň çäginde telekeçiler tarapyndan ýyladyşhana hojalyklary gurlup, olaryň bir bölegi öz önümlerini daşary ýurtlara ugradýarlar. Bu ýerde tohum mallarynyň 500 baş sanyny saklamak hem-de et-süýt önümlerini öndürmek üçin niýetlenen iri maldarçylyk toplumy hereket edýär. Telekeçileriň tagallalary bilen, guşçulyk toplumlary gurulýar, balyk ösdürilip ýetişdirilýär, oba hojalyk önümlerini saklamak üçin sebitde ilkinji hususy ammar bina edilýär. 

Dabarada çykyş edenler etrabyň ilatyny abraýly bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada eýe bolmagy bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşýan goşantlaryna berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy we şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar

Soňra dabara oba geňeşliginiň hem-de Medeniýet öýüniň binalarynyň öňündäki türkmen halylary bilen bezelen meýdançada dowam edip, bu ýerde dürli öwüşgünli diwarlyklar we pannolar oturdyldy, ak öýler dikildi. 

Dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar, onda türkmen suratkeşleriniň—nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň işleri, halk senetçileriniň önümleri, obasenagat toplumynyň öndürýän önümleri görkezildi.

Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylygyň öwüşgünini has-da artdyrdy. Milli Liderimize hem-de “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda abadançylygyň nurana ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyza bagyşlanan joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanyp, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi. 

Bu ajaýyp waka mynasybetli Daşoguz welaýatynyň häkimliginde dabaraly ýygnak we baýramçylyk konserti geçirildi. 

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow