Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Dalaşgärleriň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyklary başlandy
Jemgyýet
Dalaşgärleriň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyklary başlandy
Çap edildi 10.03.2021
5893

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir.

Şu maksat bilen ähli dalaşgärlere öz maksatnamalaryny halk maslahatlarynyň agzalaryna wagyz etmekde deň şertleriň döredilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň maglumatlary metbugatda çap edildi, şeýle hem saýlawlar baradaky maglumatlar, habarlar Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda yzygiderli ýerleşdirilýär.

Ahal, Balkan welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň çykyşlary arkaly olaryň terjimehaly bilen giňden tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda dalaşgärler öz maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşdyrýarlar.

Dalaşgärler saýlawçylaryň bildiren ynamyny ödemek üçin yhlas etjekdiklerine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, sowallara jogap berdiler.

Duşuşyklara gatnaşyjylar milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmeginiň Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigini bellediler.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow