Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen wekilleri Aral sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşiklere gatnaşdy
Jemgyýet
Türkmen wekilleri Aral sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşiklere gatnaşdy
Çap edildi 22.04.2021
3075

2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Halkara Ene-Zeminiň gününiň bellenilmegi mynasybetli göni wideoaragatnaşyk arkaly «Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog» geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýan abraýly halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary Husiddin Şarofiddinow, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Natiýa Naswlişwili, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň wekili Sumiter Broka, şeýle-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa” maksatnamasynyň dolandyryjysy Dr. Karolina Milow dagylar çykyş etdiler.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň Aral deňzini gorap saklamak we bu deňziň basseýnindäki ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň meselelerine gönükdirilen tagallalary hem-de başlangyçlary, şeýle-de sebitiň ekologiki abadançylygyny saklamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşyldy.

Soňky habarlar
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
30.06
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine
30.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow