Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Çap edildi 22.05.2021
2878

2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjynyň esasynda guraldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow paýtagtymyzyň, özgeren keşbinde ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini we biziň döwletimiziň ýeten belent halkara derejesini görmek bolýandygyny belledi.

Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda çykyş etdiler.

Dabara gatnaşanlar “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň rus dilinde neşir edilmeginiň Aşgabadyň baý taryhynyň ähmiýetli sahypalaryny, şäheriň binagärlik aýratynlyklaryny we gözelligini, şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynyň ertirki güni bilen okyjylaryň giň köpçüligini ýakyndan tanyşdyrmaga mümknilik berýändigini nygtadylar.

Kitabyň içinde ýerleşdirilen suratlar şäheriň edebi beýanatynyň üstüni doldurýar we paýtagtyň innowasiýalary, milli binagärlik sungatyny we ýokary derejedäki estetiki özboluşlylygyny jemleýän keşbini okyjylaryň göz öňünde janlandyrýar.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow