Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyzyň şanly senesiniň hormatyna ýokary sylaglar
Jemgyýet
Paýtagtymyzyň şanly senesiniň hormatyna ýokary sylaglar
Çap edildi 24.05.2021
2374

Şu gün paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Köp ýyllaryň dowamynda päk ýürekli we birkemsiz çeken zähmeti üçin sylaglara mynasyp bolan watandaşlarymyzy hormatlamak — ýurdumyzda durmuş tejribesini, bilimini we zehinini Watana gulluk etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna aýratyn hormat bilen garalýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Hut şeýle adamlar — maksada okgunly, zehinli, wezipe borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän, Watana bähbit getirmäge çalyşýan adamlar ýaşlar üçin göreldedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç we tolgunma duýgulary bilen kabul edip, öz işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň her bir ýyly şöhratly syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý bolup, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlaryna şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň joşgunly we döredijilikli zähmet çekmegi netijesinde ata Watanymyz barha ösüp-özgerýär. Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak babatda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalar we iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürýän döwrebap kärhanalar, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary işe girizilýär. Şonuň bilen birlikde, bilim we saglygy goraýyş, medeniýet hem-de sport ulgamlaryny ösdürmäge uly möçberli maýa serişdeleri gönükdirilýär.

Şanly senesini — döredilmeginiň 140 ýyllygyny belleýän ak mermerli paýtagtymyz ýurdumyzyň täze taryhynyň, nurana geljeginiň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap okgunlylygynyň aýdyň nyşanydyr. Bagy-bossanlyga bürelen seýilgählerdir seýilbaglary, altyn gümmezli köşkleri we kümüş suwly çüwdürimleri bolan, döwrebap belent ymaratlarynyň hem-de desgalarynyň özboluşly binagärligi bilen täsir galdyrýan Aşgabat şäheri dünýäniň gözel hem-de ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň hataryna girdi. Aziýanyň hakyky merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň ajaýyplyklary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi şu ýyl Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän ata Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlaýan oňyn hem-de giň gerimli özgertmelerini amala aşyrmak üçin ähli güýç-gaýratlaryny we ukyplaryny bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol özgertmeler milletiň agzybirligini we jebisligini, jemgyýetde parahatçylygy hem-de durnuklylygy has-da pugtalandyrmaga, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
top-arrow