Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy
Çap edildi 09.06.2021
4768

Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir, sebäbi onda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eseri halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň däp-dessurlarynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymyýetden gözbaş alýan halkymyzyň asylly ruhy çeşmelerine çuňňur sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli gelip ýeten edebi we ylmy maglumatlary düýpli öwrenip, olary öz işinde ulgamlaşdyrdy hem-de umumylaşdyrdy, munuň özi dünýä jemgyýetçiliginde ägirt uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenleriň milli däp-dessurlarynda öz aýdyň beýanyny tapan ýokary ynsanperwer ýörelgeleri beýleki halklarda hem uly seslenme döredýär. Muňa, ilkinji nobatda, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda hytaý, ýapon, rus, gruzin, ukrain we azerbaýjan dillerine terjime edilendigi hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň many-mazmuny hem-de beýan ediliş usuly boýunça örän gymmatly eseri täsin halk döredijiligini toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli, tutanýerli ylmy-edebi işleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň folkloryň, şol sanda nakyllaryň, atalar sözleriniň parasatly pähimlerini döredijilikli, ussatlarça peýdalanmagy bu edebi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar, ol häzirki wagtda mundan ýüzýyllyklar ozal hem dünýäniň beýleki halklary bilen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýan türkmen halkynyň ruhy dünýäsine göz ýetirmegiň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow