Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Sahawatly söwda» bilen durmuşyňyzy bezäň!
Jemgyýet
«Sahawatly söwda» bilen durmuşyňyzy bezäň!
Çap edildi 25.12.2021
3347

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şu günler Diýarymyzyň ähli künjegi barha ýakynlaşýan Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli, 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli halkymyzyň dürli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, harytlary arzanladylan bahalardan satmak bilen bagly «Sahawatly söwda» çäresiniň guralýandygyny habar berýäris. Bu çäre Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bolan söwda we dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda geçirilýär. Bu günlerde çagalar, erkekler we zenanlar üçin egin-eşikler, çaga oýunjaklary, mekdep harytlary we garyşyk harytlar arzanladylan bahalardan ilata hödürlenilýär.
«Sahawatly söwda» bilen durmuşyňyzy bezäň! Täze ýyly täze arzuwlar bilen garşylaň!
10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş!
Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli «Sahawatly söwda» atly dürli görnüşli harytlaryň 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş çäresi guralýar.

Paýtagtymyzda:
— «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Bereketli» bazarly söwda merkezi;
— «Çagalar dünýäsi» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Aşgabat» söwda merkezi;
— «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkezi;
— «Paýtagt» söwda merkezi;
— «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi.

Welaýatlarda:
— Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Hazar» söwda merkezi;
— Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezi;
— Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezi;
— Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezi.
Hormatly watandaşlar, söwda dükanlaryna hoş geldiňiz! Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun!


Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow