Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleri Aziýanyň ýaşlar we ýetginjekler çempionatynda 11 medal gazandylar
Sport
Türkmen türgenleri Aziýanyň ýaşlar we ýetginjekler çempionatynda 11 medal gazandylar
Çap edildi 23.07.2022
4243

Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar.

21 ýurtdan gelen 261 türgen çempionlyk baýraklary üçin birbada iki ýaş toparynda bäsleşýärler.

Aşgabat şäheriniň 104-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa 64 kilograma çenli agram toparynda bäsleşmek bilen, Türkmenistanyň toparyna bäş medal getirdi. Ol şu agramda baýrak almak üçin göreşen dört türgen gyzyň (17 ýaşa çenli) bäsleşiginde üç altyn medal gazandy: birden götermekde – 85 kg, itip götermekde – 104 kg we ikisiniň jeminde – 189 kg. Medallar ugrunda eýýäm 9 türgeniň bäsleşýän ýaşlar (20 ýaşa çenli) arasyndaky ýaryşda Medine gazanan netijeleri bilen, itip götermekde 5-nji ýeri eýeledi we birden götermek hem iki ýaryşyň jemi boýunça iki bürünç medala mynasyp boldy.

Şol agşam Aşgabadyň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew hem ajaýyp neije görkezmek bilen, ýetginjekler arasynda (17 ýaşa çenli) Aziýanyň çempiony boldy. 6 sportçynyň bäsleşik alyp baran 89 kilograma çenli agram toparynda ol alty synanyşykdan bäşisini amala aşyrdy we netijede üç altyn medal gazandy: birden galdyrmakda – 135 kg, itip götermekde – 165 kg we iki ýaryşyň jeminde 300 kg.

Geçen aý Leon (Meksika) şäherinde geçirilen dünýä ýaşlar çempionatynda Saparly Muhyýewiň 96 kilograma çenli agram toparynda dünýäniň wise-çempiony bolup, birden götermekde kümüş (133 kg), itip götermekde bürünç (167 kg) we iki ýaryşyň jemi (300 kg) boýunça ýene bir kümüş medal alandygy bellärliklidir.

Gülälek Kakamyradowa Daşkentdäki Aziýa birinjiliginde Türkmenistanyň toparyna iki sany bürünç medal gazanyp berdi. 17 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda 5 türgeniň bäsleşýän 59 kilograma çenli agramlyk toparynda ol birden götermekde 4-nji netijäni (77 kg), itip götermekde üçünji netijäni (93 kg) görkezdi, onuň iki ýaryşyň jemi boýunça göteren agramy 170 kg boldy.

Itip götermekde kiçi bürünç medala Perhat Bagtyýarow mynasyp boldy (125 kg.). Paýtagtyň “Olimp” sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy bu üstünlige 9 ýurtdan gelip, 55 kilograma çenli agram toparynda baýrak ugrunda bäsleşen 11 türgeniň (17 ýaşa çenli) arasynda gazandy.

8-nji oktýabrda 16 ýaşy doljak Perhat alty synanyşykdan bäşisini amal etmek bilen, Türkmenistanda iki ýetginjekler rekordyny (102 kg) goýdy we iki ýaryşyň jemini 227 kg bilen tamamlady.

Itekläp götermegiň iň soňky synanyşygynda P. Bagtyýarow 127 kg götermäge synanyşdy, bu oňa iki ýaryşyň netijesi boýunça bürünç medal getirerdi. Emma, agyrlyk diýen etmedi. Netijede, tälimçi Boris Kulamowyň şägirdi gazagystanly bürünç medalçy Erassyl Umarowdan bary-ýogy 1 kg az götermek bilen, bäşinji ýeri eýeledi.

Ýaşlar (20 ýaşa çenli) arasyndaky ýaryşda Perhat Bagtyýarow 8 türgeniň arasynda 6-njy ýeri eýeledi.

Agyr atletikaçylarymyzyň ýene ikisi: Gaýgysyz Töräýew we Bektimur Reýimow ýaşlar (20 ýaşa çenli) toparynda 9 ýurtdan gelen12 türgeniň arasynda, degişlilikde 73 kilograma çenli agram toparynda 4-nji we 6-njy orunlary eýelediler. Töräýew maşklaryň jeminde 306 kg (135 + 171), Reýimow bolsa 296 kg (134 + 162) göterdi.

Bäsleşik dowam edýär.

Soňky habarlar
03.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.05
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
02.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
02.05
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
01.05
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
01.05
Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada
top-arrow