Baş sahypa
\
Sport
\
Dünýä çempionatynda ýene bir medal
Sport
Dünýä çempionatynda ýene bir medal
Çap edildi 14.11.2016
2521

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde sambo boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň jemleýji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir, bürünç medal getirdi. Söweş sambosy boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Ataýew şeýle üstünlige mynasyp boldy. Ozal habar berlişi ýaly, bu ýaryşa dünýäniň 80 ýurdundan ýüzlerçe türgenler gatnaşýar. Dünýä çempionatynyň başynda ildeşlerimiz dört baýraga —bir kümüş medala (Çarymyrat Annagurbanow) hem-de üç bürünç medala (Tejen Tejenow, Kerimberdi Döwletow hem-de Gülbadam Babamyradowa) mynasyp boldular. Ynha, indi bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň medallarynyň sany bäşe ýetdi. 52 kilograma çenli agram derejesinde 10-dan gowrak pälwan çykyş etdi. Nowruz Ataýew ýaryşda Trinidad we Tobago döwletiniň ýygyndy toparynyň pälwany Gerşam Griffiti ýeňmegi başardy. Ol ýarym final tutluşygynda bolsa şu ýaryşda ýeňiji bolan russiýaly Anatoliý Stişakdan çekeleşikli göreşde ýeňildi. Türkmen türgenleriniň dünýä derejesindäki ýaryşda şeýle üstünlik gazanmagy, geljek ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem samboçylarymyzyň öz ussatlyklaryny doly görkezjekdiklerine şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow