Baş sahypa
\
Sport
\
Ýaş küştçüsiniň üstünligi
Sport
Ýaş küştçüsiniň üstünligi
Çap edildi 11.12.2016
2505

Russiýanyň Soçi şäherinde 7 ýaşdan 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýäniň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşda türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 17 ýaşa çenli toparda şeýle üstünlik gazandy. Ýaryşa dünýäniň 30 döwletinden ýüzlerçe küştçi gatnaşdy. S.Atabaýew mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplap, özüniň köp sanly ýeňişleriniň üstüne dünýä çempionatynyň altyn medalyny hem goşdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň şägirdiniň halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikleriň onlarçasyny gazanandygyny belleýäris. Olaryň arasynda 2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpidasynda gazanylan altyn medal hem bardyr. Mundan başga-da ýaş zehinli ýaş küştçüsi Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde şu ýylyň iýul aýynda geçirilen iri dereje ýaryşynda kümüş medaly eýeläpdi. Ýeri gelende bellesek şol ýaryşda Saparmyrat ulularyň arasynda çykyş edip, has tanymal küştçülere—grossmeýtrlere we halkara ussatlaryna garşy örän ezber çykyş etdi hem-de iň oňat küştçüleriň biri boldy. Şeýle hem bu küştçi Türkmenistanyň ýetginjekleriň arasynda çempionatlarynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça iň ýokary görkezijä eýedir. S.Atabaýew şeýle ýaryşlarda 20 gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Häzir biziň ildeşimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşlaryň maksatnamasyna küşt hem girýär. Saparmyrat Aziada-2017-de çykyş etjek milli ýygyndy toparymyzyň düzümine düşmäge esasy dalaşgärleriň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow