Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy deslapky tapgyra gadam basdy
Sport
Aşgabatda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy deslapky tapgyra gadam basdy
Çap edildi 07.06.2023
6440

Şu gün Aşgabat şäherinde 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň üçünji gününiň oýunlary geçirildi.

Bu günde Türkmenistanyň ýygyndy topary sport ýaryşynyň geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen oýunlarynyň ýeňijisi Gazagystanyň topary bilen duşuşdy. Olimpiýa şäherjiginiň tennis toplumyndaky meýdançada iki topar hem çekeleşikli bäsleşdiler.

Ýadymyzda bolsa, paýtagtymyzda geçirilýän sport ýaryşynyň açylyş gününde Gazagystanyň ýygyndysy owganystanly garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňillik bilen üstün çykdylar. Sport ýaryşynyň ikinji gününde hem gazagystanly ýaş tennisçiler şu hasap bilen Täjigistandan gelen oglanlar we gyzlar ýygyndylaryny ýeňmegi başardylar.

Gazagystanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunlar ildeşlerimiz üçin turuwbaşdan ýeňil bolmady. Muňa garamazdan, ýaş tennisçi oglan gyzlarymyz gazagystanly ýaş sport ussatlaryna garşy mynasyp oýun görkezmegi başardylar. Türkmenabat şäherindäki tennis sport mekdebiniň ýaş türgeni Aly Geldiýew gazagystanly Arnur Tursunhanowa garşy geçiren duşuşygynda soňuna çenli göreşdi we oýnuň her aýlawynda bir utuk gazanmagy başardy. Muňa garamazdan ildeşimiziň gazanan utuklary ýeňiş üçin ýeterlik bolmady: 1:6, 1:6.

Sport ýaryşyna gatnaşýan gyzlar ýygyndymyzyň wekili Aýlar Kakabaýewanyň garşydaşy Ýasmin Dussembaýewa garşy görkezen garşylyklary hem ýeňşe ýetmäge mümkinçilik bermedi: 1:6, 2:6.

Şu günki geçirilen ýekeleýin we toparlaýyn duşuşyklarda Gazagystanyň oglanlar we gyzlar toparlary sport ýaryşynda ýeňiji bolmak üçin uly ädim ätdiler. Ýeňiji bolmak üçin olar Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň toparlary bilen duşuşyklary geçirerler. Özbegistanyň ýygyndysy 8-nji iýunda ýer eýeleri – ýurdumyzyň ýygyndy topary bilen duşuşyklary geçirerler.

Ertirki oýunlaryň geçiş tertibine laýyklykda, Gazagystan Gyrgyzystan bilen, Täjigistan hem Owganystan bilen duşuşyklary geçirer.

12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy 9-njy iýunda tamamlanar.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow