Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 20.03.2025
2022

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Gadymy taryhy bolan bu baýram halklaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Nowruz baýramynyň ähmiýetini ýitirmejek däpleri bizi dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de giňeltmek üçin tagalla etmäge ruhlandyrýar.

Ýurtlarymyzyň bu gadymy baýramyň beýik umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alyp, hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak boýunça mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine berk ynanýaryn.

Bu nurana günlerde Size berk jan saglyk, uzak ömür we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we durnukly ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Almatyda Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş ulgamynda maksatlar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlaglaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Siziň şahsy ünsüňize we doganlyk Türkmenistanyň bu möhüm halkara başlangyjyny goldamagyna ýokary baha berýärin. Bu täze düzümiň hem-de BMG-niň Aşgabatdaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň sazlaşykly işiniň sebitimizde uzakmöhletli durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Gazak-türkmen dostluk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydygymyzy beýan edip, islendik amatly wagtda Türkistan şäherine sapar bilen gelmek baradaky çakylygymy tassyklaýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygymy ýene-de bir gezek tassyklaýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow