Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Çap edildi 21.09.2025
2498

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, dürli ugurlar boýunça ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine sebitleri birleşdirip
17.11
Parlamentara dialog boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär
16.11
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
16.11
Ýaşlar — Watanyň daýanjy
16.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 428 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow