Sport
19.02 2015
AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), şu ýaryşyň iki gezek finalçysy “Erbil” (Yrak) we Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istiklol” toparlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi we wise-çempiony “Ahalyň” bäsdeşleri bolarlar.
18.02 2015
Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky toparlaýyn ýaryşlarda Türkmenistanyň topary hem çykyş eder. “Ahal” topary öz bäsdeşlerinden üstün çykyp, bu hukuga mynasyp boldy.
16.02 2015
Türkmen türgenleri halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň ikisinde – Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde ýakynda geçen sport we söweş sambolary boýunça dünýäniň kubogy hem-de ýakynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşynda uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň wekilleri jemi 10 medala mynasyp boldular, olaryň üçüsi altyn, üçüsi kümüş we dördüsi bürünç medaldyr.
15.02 2015
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan hokkeý boýunça ýaryş “Galkan” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şenbe güni Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda ýurdumyzyň çempiony aýgytlaýjy duşuşykda “Nesil” toparyny 8:5 hasabynda utdy.
13.02 2015
Eýran Yslam Respublikasynyň Zahedan şäherinde uşu boýunça geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular. Bu göreşiň “sanda” —tutluşyklar görnüşinde türgenlerimiz iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.
11.02 2015
Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
10.02 2015
Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan hokkeý boýunça ýaryşlar başlandy. Oňa iki toparça 8 topar gatnaşýar.
10.02 2015
Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün “Aşgabat” sport toplumynyň meýdançasynda Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) kubogy ugrundaky ýaryşlaryň nobatdaky saýlama oýny geçirildi, onda ýurdumyzyň “Altyn Asyr” topary Ýemeniň “Al Sagr” topary bilen duşuşdy. Oýnuň barşynda myhmanlar 1:0 hasabynda utmagy başardylar.
09.02 2015
Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde türgenleri hormatlamak dabarasy boldy. Olar Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen şort-trek boýunça (konkide typmak sportunyň bir görnüşi) ýaşlaryň halkara synag-ýaryşynda Türkmenistan üçin ilkinji medallaryň ähli görnüşlerini gazandylar.
09.02 2015
Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün “Aşgabat” sport toplumynyň merkezi meýdançasynda Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde “Ahal” (Türkmenistan) we “Dordoý” (Gyrgyzystan) komandalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Şonda 1:0 hasabynda biziň futbolçylarymyz ýeňiş gazandy.
46 sahypa
Soňky habarlar
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
A.T.ATAÝEWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
M.B.ORAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY