Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen
Çap edildi 06.09.2026
9

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyklara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň okgunly ösüşini, özgertmeleriň täze belentliklerine bolan ymtylyşyny aýdyň şöhlelendirýän wakalara baý boldy. Däbe görä, ýurdumyz bu şanly senä zähmet ýeňişleri, binagärlik açylyşlary hem-de durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen barýar. Bular esasy maksady Watanymyzy mundan beýläk-de gülletmekden ybarat bolan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň aýdyň netijeleridir.

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda bellenilişi ýaly, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilip, ol häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda bir wagtda bäş ISO halkara standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Resminamalar döwrebap bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň hil, daşky gurşawy dolandyrmak, zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak, bilim guramalary üçin dolandyryş, maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlaryna degişli ISO halkara standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Ýokary okuw mekdebi BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň energiýa netijeliligi, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça “ýaşyl” güwänamalaryna, şeýle hem suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak, energiýa netijeliligi we monitoring, bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça güwänamalara mynasyp boldy. Mundan başga-da, Certiport Authorized Testing Center — CATC güwänamasy institutda «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň döredilendigini tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenabat şäherinde bina edilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Bu ýokary okuw mekdebi hem 5 müň orunlyk bolup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 sany kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna gowşurylan halkara güwänamalaryň hatarynda innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy; Türkmenistanda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin “Geljege goşant” atly howandarlyk gaznasynyň güwänamasy; Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň güwänamasy; täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar.

Baýramçylyk dabaralarynyň ahyrynda ýokary okuw mekdeplerine hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Täze bilim edaralarynda gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary tebigy we takyk ugurly dersleri has çuňňur öwrenmäge, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny we zehinini açmaga ýardam eder. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyplar, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini hem-de Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyga, syýasy durnuklylyga we halkara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüji Bitaraplyk ýoluny giňden beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki orny we başlangyçlary, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň merkezine öwrülmegi, energetikasy hem-de ykdysadyýeti, ynsanperwerlik ýörelgeleri, durnukly ösüşi, bilim, ylym we innowasiýalar ulgamy, terbiýeçilik hem-de milli gymmatlyklar, taryhy-medeni mirasymyz, medeni diplomatiýanyň guraly hökmünde milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleri ýaly möhüm mowzuklara degip geçdi. Aýratyn hem, belent watançylyk we ahlak gymmatlyklaryna — nesilleriň dowamlylygyna hem-de ýaşlaryň döwletiň ykbalyndaky ornuna, taryha bolan hormata, Watana wepalylyga, maşgala aladasyna hem-de ata-enäni sarpalamaklyga uly üns berildi.

Döwletimiziň Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesle uly umyt baglaýandygyny aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri «akylly» şäherleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işlerden ýaşlaryň, şol sanda talyplaryň gatnaşmagynda «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasynyň üstünde işlemeklige geçmegi, şeýle hem dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek üçin hukuk we guramaçylyk şertlerini emele getirmegiň üstünde işlemegi teklip etdi.

“Ýurdumyzyň ýaş raýatlary bolan siz häzire çenli amala aşyrylan işleri berkitmelisiňiz. Garaşsyz döwletimiziň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmelisiňiz” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we ýaşlaryň bu belent wezipäni mynasyp amala aşyrjakdygyna ynam bildirdi.

4-nji sentýabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi. Şunuň bilen bir hatarda, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilen çäreler, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, edaralara sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyz boýunça sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” we «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Kararlar bar.

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de hormatly Prezidentimizi şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýany ýene bir gezek bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda güýzlük bugdaýyň ekişine köpçülikleýin girişildi. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bereketli we bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Göwnejaý taýýarlanan topraga: «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, ýaşulular we olaryň ýaş kömekçileri ekiş nobatyny mehanizatorlara berdiler.

Güýzlük bugdaýyň ekişiniň başlanmagy mynasybetli ähli welaýatlarda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de pudakda ulanylýan degişli tehnikalaryň sergileri guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň diňe bir buýsanjy bolman, eýsem, döwletliliginiň we Garaşsyzlygynyň, dostlugynyň we dünýäniň ähli halklary bilen özara düşünişmäge açyklygynyň nyşany bolan ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.

Kronenberg şäheriniň “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynda geçirilen giň gerimli çäreleriň maksatnamasyna atçylyk sport ýaryşlary, ahalteke bedewiniň iň saýlama tohumlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi, ahalteke atlaryny seýislemek, köpeltmek we dünýäde wagyz etmek meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem türkmen medeniýetiniň, senetçiliginiň we däp-dessurlarynyň giň gerimli sergisi girdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy uly gyzyklanma eýe boldy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň dowamynda çykyş etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän aýratyn ornuna, ahalteke atçylygyny ösdürmäge bagyşlanan uly ylmy-barlag işlerine, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işine we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünliklerine ünsi çekdi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek üçin ahalteke atçylygyny ösdürmegiň wajypdygyny bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä çempionatyny her bäş ýyldan geçirmegi we anyk strategiýany işläp düzmegi, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça esasy ugry kesgitlemegi teklip etdi.

Gahryman Arkadagymyz tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň bu işi goldamaga, maslahat beriş, usulyýet ýardamyny etmäge, arhiw we beýleki materiallary bermäge taýýardygyny tassyklady.

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň karary bilen, Gahryman Arkadagymyz “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms, şeýle hem «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň köpugurly wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlary öz beýanyny tapdy. Bu maksatlar ylmyň gazananlaryny, ýokary tehnologiýalary hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly Watanymyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň ruhy hem-de abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny artdyrmaga we netijeli, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
06.09
Niderlandlar Patyşalygynda behişdi ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
06.09
Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
top-arrow