Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kambojanyň Pnompen şäherindäki Morodok Teho milli stadionynda geçirilen final duşuşygynda “Arkadag” futbol toparynyň gazanan ajaýyp ýeňşi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasyny tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de “Arkadag” futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Şu gün Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşýarlar.
Şu gün paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy.
Şu gün paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan türgenler gatnaşýar.
26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar.
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy.
Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Şu gün, asylly däbe görä, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.