Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy täze eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.
Sizi asuda Watanymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli zähmetiňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin.
Sizi türkmen medeniýetini, sungatyny we halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny şöhratlandyrýan şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän Medeniýet hepdeligi täsirli wakalary bilen oňa gatnaşyjylar we ähli watandaşlarymyz üçin ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresiniň esasy maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.