22.06
2017
Önümiň täze görnüşi bolan iki dürli (içi görünýän bir gatly hem-de soekstruzion, ýagny köp gatly) gaplaýjy plýonkalary çykarmagyň özleşdirilmegi Indoneziýanyň “P.T.Istana karang Laut” kompaniýasynyň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Bu kompaniýa kärhanada enjamy gurnady hem-de onda işe goýberiş-sazlaýyş işlerini geçirdi.
22.06
2017
Merkezi Aziýada iň iri dag-magdan baýlaşdyryjy kärhana bolan Garlykdaky kaliý kombinatynyň duzly şahtasyndan ýerasty käniniň ýüz müň tonnadan gowragy gaýtadan işlemek üçin çykaryldy. Senagat toplumynyň açylyş dabarasyndan bäri täze kärhanada bolsa, eýýäm ilkinji uly sepgide ýetildi: Lebap, Mary, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň oba hojalyklaryna awtomobil we demirýol ulaglary arkaly mineral dökünleriniň müň tonnadan gowragy ýüklenilip iberildi. Ýük wagonlarynyň onusy demir ýol şahasy boýunça Owganystana ugradyldy.
22.06
2017
Senagat ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri dürmuş we senagat otaglary üçin ýagtylandyryjy diotly yşyklandyryjylar bolan LED-lampalarynyň iki milliona golaýyny öndürdiler. Ýurdumyzyň bazarlaryna hem-de ýöriteleşdirilen söwda kärhanalarynyň tekjelerine Watanymyzda öndürilen ýagtylandyryjy elektron abzallarynyň müňlerçesi ilkinji gezek gelip gowuşdy.
21.06
2017
Şu gün paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady.
20.06
2017
Paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi açyldy. Sergi türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny doly derejede görkezýär.
20.06
2017
Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Ol Durnukly ösüşiň maksatlarynyň durmuş görkezijilerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
17.06
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
16.06
2017
Berlinde Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Resminama maliýe ulgamyny berkitmek hem-de bank ulgamynyň hünärmenlerini okatmak babatda deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.
16.06
2017
Türkmenistanyň ýer eýeleri 16-njy iýuna çenli bugdaý öndürmek boýunça döwlet buýurmasyny 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýew habar berdi.
15.06
2017
Halkara pul gaznasy şu gün Türkmenistan bilen 2017-nji ýylyň maslahatynyň jemleri boýunça maglumatlary ýaýratdy.